
Täzelikler
183

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we milli bilimiň dünýä ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda halkara bilim maksatnamalary türkmen ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 20-30-y aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Ruse şäherindäki Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda okatmagyň netijeli usullaryny we innowasion iş tejribelerini ösdürmek, özara tejribe alyşmak hem-de ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara çäreler geçirilýär.
Bolgariýanyň demirgazygynda, Dunay derýasynyň kenarynda ýerleşýän Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersiteti ýurduň öňdebaryjy köpugurly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup, 1945-nji ýylda döredilen hem-de döwletiň paýtagty – Sofiýadan daşarda açylan ilkinji ýokary tehniki okuw mekdebi hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda uniwersitet Ruse, Razgrad, Silistra we Widin sebitlerinde bilim hem-de ylmy işleriň iri merkezleriniň biri bolup, onuň düzüminde sekiz fakultet, birnäçe ylmy-barlag merkezleri we sebit şahamçalary hereket edýär. Uniwersitet inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, tebigy ylymlar, ykdysadyýet, hukuk, saglygy goraýyş hem-de pedagogika ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Şeýle hem uniwersitet Erasmus+ maksatnamasy boýunça 200-den gowrak hyzmatdaşlyk şertnamalaryny amala aşyryp, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Uniwersitetiň halkara derejesindäki işjeňligi onuň Ýewropa Bilim we Ylmy Gözlegler Giňişligine üstünlikli goşulyşandygyny görkezýär.
Bu halkara çärelere Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary – Gadam Akmyradow, Aýna Nurmyradowa we Oguljan Akmyradowa iş saparynda bolup, halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Saparyň esasy maksady – ýokary bilim ulgamynda häzirki zaman pedagogiki çemeleşmeleri öwrenmek, okatmagyň innowasion usullary boýunça tejribe alyşmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat.
Iş saparynyň ilkinji gününde dünýäniň on döwletinden, ýagny Albaniýa, Alžir, Müsür, Fransiýa, Iordaniýa, Çernogoriýa, Marokko, Tunis, Türkmenistan we Türkiýe ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň on üçüsinden wekilleriň gatnaşmagynda açylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar öz ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlarynda gazanan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlyk tejribeleri hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada ýörite taýýarlanan prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.
Duşuşyklaryň dowamynda okuw prosesine sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, garyşyk we sanly okuw modelleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Iş saparynyň çäklerinde guralýan “CompSysTech'26” (“International Conference on Computer Systems and Technologies”) atly kompýuter ulgamlary we tehnologiýalary boýunça halkara ylmy maslahat bolsa, dürli ýurtlardan gelen alymlary, gözlegçileri hem-de professor-mugallymlary bir ýere jemledi. Maslahatda emeli aň, maglumat ulgamlary, programma üpjünçiligi, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, bulut tehnologiýalary, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary hem-de kompýuter ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly ylmy barlaglaryň netijeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem maslahatyň işine işjeň gatnaşyp, ýokary bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, innowasion pedagogiki çemeleşmeler, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman bilim gurşawyny döretmek boýunça öz tejribelerini paýlaşýarlar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar bilen geljekde bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek hem-de ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşýarlar.
Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bu halkara çäreler professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Netijede, bu iş sapary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylmy we bilim ugurlarynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty