
Täzelikler
57

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 29-na Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Altyn asyr - Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty