
Täzelikler
95

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr» atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Bu çärede hormatly Prezidentimiziň medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekdäki orny hem-de bu ugurda döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler baradaky sözlerine aýratyn üns çekildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiniň ýeten belentlikleri, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň ylmy esasynda öwrenilişi, kitap okamagyň ähmiýeti, şeýle hem oba hojalyk ylymlarynyň we bilim özgertmeleriniň ösüşi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre öz işini maddy we ruhy gymmatlyklara, milli sungata, Pyragynyň döredijilik mekdebine we innowasion ylymlaryň ornuna bagyşlanan dört sany ýörite bölümde dowam etdirdi.
Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzyň medeni üstünliklerini dünýä dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň medeniýeti, sungaty we edebiýaty milletiň ruhy hazynasy hökmünde häsiýetlendirýän pähimli sözleriniň many-mazmuny giňden wagyz edildi.
Ylmy-amaly maslahat uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen has-da baýlaşdyryldy. Ýerine ýetirilen täsirli çykyşlarda türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň köpöwüşginli aýratynlyklary hem-de inçeligi öz beýanyny tapdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda medeniýeti, sungaty we edebiýaty belent sepgitlere ýetirýän, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň mirasyny sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, olaryň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.