
Täzelikler
204

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda institutyň Ýaşlar syýasaty bölüminiň gurnamagynda professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň VIII “Ýokary okuw mekdeplerde ruhy-ahlak we terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak” baby boýunça 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda 2026-njy ýylyň I ýarymynda alnyp barlan işler dogrusynda hasabat ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşleri üçin taryhy, medeni däpleriň nesilden-nesle geçip saklanyp galmagyny hem hormatlanylmagyny, milli-medeni aňyň ösdürilmegini, ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, halkymyzyň taryhy we medeni däp-dessurlaryna hormat duýgusyny kemala getirmek maksady bilen institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary, söhbetdeşlikler, tegelek stol gepleşikleri, ylmy-döredijilik maslahatlary, kitap sergileri, türkmen milli el işleriniň sergileri, ylmy-taslama we döredijilik bäsleşikleri barada hasabat berildi we birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa, 2026-njy ýylyň II ýarymynda alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmekleri üçin bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty