
Täzelikler
191

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri, döwlet we halkara ders bäsleşikleriniň, taslama bäsleşikleriniň netijeleri, sportda gazanan üstünlikleri, institutda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşiniň alyp barýan işleri barada, Ýaşlar syýasaty boýunça talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty