
Täzelikler
87

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Aziýa sebitiniň öňdebaryjy ylym-bilim ojaklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Häzirki wagtda dünýä dillerini çuňňur özleşdirýän ýaş hünärmenleriň amaly bilimlerini ýokary derejä çykarmak we olaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak maksady bilen, halkara derejeli täze başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde institutyň talyplary gündogar ýurduna ugradyldy.
Resminamalara laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde institutyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan 6 sany talyp okuw tejribeligini geçýärler.
Talyplaryň koreý dilini, medeniýetini öwrenmek we amaly endikleri kemala getirmek isleglerini özünde jemleýän maksatnamanyň çäklerinde institutyň talyplary çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirýärler. Koreý we türkmen taraplarynyň bilim ulgamyndaky şeýle mümkinçilikleri geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda sanly bilim mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilelikde halkara maslahatlary guramaga, professor-mugallymlaryň hünär tejribelerini kämilleşdirmäge we gündogarşynaslyk ylmyny täze derejä götermäge amatly binýat bolup hyzmat edýär.
Munuň bilen birlikde, taraplaryň döwrebap bilim platformalarynda alyp barýan hyzmatdaşlygy talyplara diňe bir hünär amalyýetini däl, eýsem gündogaryň gadymy we baý medeniýeti, milli gymmatlyklary, asylly däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga-da giň ýol açýar. Şeýle innowasion tejribe alşylmagy geljekde bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we elektron gollanmalary düzmekde, sanly maglumat ulgamlaryny özara utgaşdyrmakda hem-de iki ýurduň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy we döredijilikli köprüleri gurmakda täze, taryhy sepgitleriň başlangyjy bolup durýar.
Şeýle ýokary derejede guralýan halkara hyzmatdaşlyk talyplarymyzyň hünär taýdan kämilleşmegine uly itergi bermek bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylmy-ynsanperwer we dostlukly gatnaşyklaryň has-da durnukly ösmegine saldamly goşant goşýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty