
Täzelikler
88

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalyň şu gezekki ýagny 2026-njy ýylyň 3-nji sany “Ýurdumyzyň bilim syýasaty” atly rubrika bilen açylýar. “Şanly seneleriň didaktiki mazmuny pedagogik işi guramakda gollanmadyr” atly makalada döwürleýin metbugata mahsus bolan ruhda üstümizdäki ýylyň maý-iýun aýlarynda döwlet derejesinde geçirilýän jemgyýetçilik çäreleriniň, toý-baýramlaryň giň many-mazmunyny beýan etmek hem-de şeýle çäreleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki täsirini wagyz etmek maksadyndan ugur alynýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralaryň guralýandygy hem-de olaryň bilim işgärleriniň işiniň guramaçylyk mazmuny üçin uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar. Şol rubrikada “Halkara olimpiadasynda gazanylan uly ýeňiş” atly makala ýerleşdirilip, onda şu ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 2026-njy ýylyň 15 – 23-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen 60-njy Halkara Mendeleýew himýa olimpiadasynda ýeňiş gazanan mekdep okuwçylarymyzy sylaglamak dabarasynyň bolandygy barada gyzykly maglumatlar, ýürek sözleri berilýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde halkara gatnaşyklarynyň ähmiýetine döwlt derejesinde uly üns berilýändigi mälimdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda neşir edilen “Pedagogik işgärleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy: Russiýanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tejribesi” atly makala Tatarystanyň Naberežnyýe Çelny döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň tejribesine bagyşlanýar. Onda, hyzmatdaşlygyň 2009-njy ýyldan bäri geçen döwründe, şu okuw mekdebinde türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň bilim alandygy bellenilýär. Halkara tejribesiniň, netijeli usulyýetleriň mazmuny beýan edilýär. Makalanyň ýazary agzalan döwürde şol uniwersitetde türkmen ýaşlarynyň 1000-den gowragynyň ýokary bilim alandygyny, 700-den gowrak türkmenpedagogynyň gatnaşmagynda hünäri ýokarlandyrmagyň üç basgançakly maksatnamasynyň, bilelikdäki okuw-usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylandygyny, 1-nji synp okuwçylary üçin rus dili dersi boýunça wideosapaklaryň 70-siniň taýýarlanylandygyny, geljekde Naberežnyýe Çelny döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda bölümçesini açmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny belleýär.
Syýasy sahypalardan soňra, žurnalyň sahypalarynda ylmy makalalara giň orun berilýär. “Ylmy makalalar” atly rubrikada bilim ministiriniň “Seljuklarda bilim-terbiýe işiniň guralyşy” atly makalasy ýerleşdirilip, ol şu rubrikada berlen makalalaryň 13-sine bijebaşylyk edýär. Makalada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim we terbiýe hakdaky taglymatlary, üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleri hem-de ýaş nesillere berilýän bilimiň türkmen halkynyň gadymyýetinden gözbaş alýandygy, pedagogik mekdebiniň üznüksizdigi, bitewüdigi, millidigi, döwrebapdygy, bilim işiniň dowamat-dowam bolmagynda aýratyn hyzmatynyň bardygy nygtalýar. Makalada Seljuklar döwründe bilim işiniň guralyşy takyk ylmy maglumatlar esasynda beýan edilip, şol tejribäniň şu günki günde bilim işinde eýeleýän ähmiýetli orny, onuň geçmişi, şu güni hem-de geljegi baglanyşdyrýandygy, atygsaýan ýaş kalby eziz ýurduna, mähriban halkyna söýgüden we wepalylyk duýgusyndan doly, maksady aýdyň Watan perzentlerini terbiýelemekdäki ähmiýeti nygtalýar.
Ylmy makalalar rubrikasynda ýerleşdirilen “Mekdep okuwçylaryna berilýän bilimiň hilini bahalandyrmakda barlagnamalaryň orny we ähmiýeti” atly makalada okaýanlara berilýän bilimiň bahalandyrylmagy, geçirilýän barlagnamalara gatnaşyjylaryň görkezýän netijeleriniň deňeşdirmeleri, okuwçylaryň özbaşdak işläp bilmek endiklerini ösdürmegiň netijeli usullary baradaky (döwrebap işleýän mugallymlar üçin gyzykly boljak) maglumatlara giň orun berilýär.
“Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň diliniň çeperçilik aýratynlygy” atly ylmy makalada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde nusgawy edebi dil däpleriniň ýokary derejededigi buýsanç bilen bellenilýär. Onuň häzirki zaman türkmen diliniň leksik baýlygy bilen sazlaşýandygyny ýazar aýratyn hasaba alýar. Eserlerde metaforalaryň we epitetleriň ussatlyk bilen ulanylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň awtorlyk filosofiýasynyň örän çuňlugyny ýene-de bir gezek aýan edýändigine makalanyň ýazary okyjylaryň ünsüni çekýär.
“Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eserinde çagalar barada maglumat” atly makalada türki halklaryň gadymy gymmatly ýazuwly çeşmesine, sözlükdäki çagalar bilen baglanyşykly leksika üns berlipdir. “Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eseriniň ähmiýetini düşündirmek ideýasy işiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ylmy leksik düşündirişler makalanyň başyndan ahyryna çenli üznüksiz alnyp barlypdyr. Makalada XI asyrda ýazylan bu eseriň türki halklaryň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynançlaryny we jemgyýetçilik gurluşyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedigi hem aýdylýar.
“Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde syýasy-ahlak filosofiýasynyň beýany” atly makalada milli ahlak filosofiýasynyň türkmenleriň köp asyrlyk taryhy ösüşiniň täsirinde kemala gelendigi, onuň milli ruhy däp-dessurlaryň binýadyna esaslanýandygy bellenilýär. Bu filosofiýada “Döwlet adam üçündir!” diýen ýörelgä salgylanylýar, onda adalatlylygyň, watanperwerligiň, päk ýürekliligiň etiki nusgasy özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Ýene-de şol rubrikada ýerleşdirilen “Ylym adam maýasyny toplamagyň esasy şertidir” atly ylmy makalada jemgyýetde adam maýasyny toplamagyň esaslary görkezilýär. Ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli ösdürilmegi hünärmenleriň ussatlygyk derejesini kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Agzalan makalada ýokary tizlik bilen üýtgeýän dünýäde üstünlik gazanmak üçin, adam maýasynyň toplanylmagy, zerur bolan pikirleniş başarnygynyň kemala getirilmegi dogrusyndaky gymmatly pikirler beýan edilýär.
“Mekdebe çenli terbiýe” atly rubrikada berlen makalalarda çagalarda kitap okamaga söýgini ösdürmegiň usullary dogrusynda makalanyň ýazarynyň hünärmen hökmünde sagdyn pikiraýtmalary bar. Şol rubrikadaky “Mekdebe çenli ýaşly çagalara zähmet endiklerini öwretmek ahlak terbiýesini kemala getirmegiň esasydyr” diýlip atlandyrylan makalada zähmet endiklerini öwretmek bilen ahlak terbiýesini kemala getirmegiň psihologik sazlaşygyna üns çekilýär, zähmetiň çaganyň akylynyň, duýgularynyň ösmegine, gyzklanmalarynyň artmagyna, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmegine täsir edýändigi babtdaky pedagogik pikirlere giň orun berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda bilimiň hili we mazmuny babatda düýpli özgertmeler geçirilýär. “Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikada şol döwrebap özgertmeleri beýan edýän makalalar ýerleşdirilendir. Şular bilen baglanyşyklylykda, halk pedagogikasynda türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, standart däl meseleleri çözmegiň aýratynlyklary, iňlis dilini öwretmekde interaktiw tagtadan peýdalanmak, halkara iňlis güni baradaky maglumatlara-da giň orun berilýär.
“Ýokary bilim” atly rubrikada Magtymgulynyň döredijiligi – terbiýe mekdebi, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we iňlis dillerindäki atlaryň köplüginiň degşirme usuly arkaly öwredilişi, okuw sapaklarynda halk tanslaryny öwretmegiň usulyýeti, okuw sapaklarynda talyplaryň tankydy pikirlenmesini ösdürmekde emeli aňyň ähmiýeti, ýokary bilimde fizikany iňlis dilinde öwretmegiň usulyýeti baradaky ýerleşdirilen makalalarda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman talaplaryndan ugur alynýar.
Umuman aýdylanda, žurnalyň täze çapdan çykan 2026-njy ýylyň 3-nji sanynda sanynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan bilim syýasatynyň talaplarynda innowasion esasly, dünýä tejribesine esaslandyrylyp ösdürilýän milli bilim ulgamyny, onuň ösüp gelýän ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary başarnykly dolandyrmaga ukyply, häzirki zaman özgerdişli senagat toplumlaryndan baş çykarmaga taýýar hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekdäki ähmiýetli orny baradaky agramly makalalara giň orun berilýär. Şonuň ýaly-da, žurnalyň täze sanynyň sahypalarynda bilim işgärleriniň tutanýerli zähmeti öz beýanyny tapýar.
“Bilim” žurnaly