
Täzelikler
42

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde giň gerimli innowasion işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebi elektron okuwyň we uzak aralykly bilim tehnologiýalarynyň iň döwrebap usullaryny önümçilige işjeň ornaşdyrmak arkaly bilim maksatnamalaryny täze belentliklere göterýär. Bu ugurda okuw ýylynyň dowamynda halkara hyzmatdaşlykdaky ýokary okuw mekdepleri, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary we abraýly guramalary bilen uzak aralykdan okuwlar, hünär kämilleşdiriş maksatnamalary, webinarlar, ylmy-önümçilik maslahatlary we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar. Şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan ýörite taýýarlanylan elektron okuw-usuly toplumlary talyplaryň döwrebap bilim almagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Uniwersitetiň dünýäniň iň iri tehnologik ägirtleri we halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy talyplaryň we mugallymlaryň dünýä tejribesini peýdalanmagyna giň ýol açýar. Hususan-da, Şweýsariýanyň “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde yzygiderli sanly wideoaragatnaşyk okuwlary guralýar. Bu çäreleriň çäklerinde Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary we mugallymlary üçin “6B" we "6M" kysymly traktorlaryň umumy häsiýetnamalary”, “Däne ýygýan kombaýnlar”, “Pagta ýygýan maşynlar” hem-de “John Deere kysymly pürküjiler” ýaly örän wajyp temalar boýunça ýokary derejeli ylmy-önümçilik maslahatlary geçirildi. Şeýle hem döwrebap tehnikalarda ulanylýan iň soňky sanly tehnologiýalar, olaryň kämilleşdirilişi we “John Deere CP570” hem-de “6M” kysymly traktorlaryň dwigatelleriniň, transmissiýasynyň gurluşy we önümçilikde sazlanylyşy baradaky meseleler jikme-jik öwrenildi. Mundan başga-da, gowaçany ösdürip ýetişdirmekde we Türkmenistanyň şertlerinde ulanylýan tehnikalaryň gurluş aýratynlyklary barada halkara bilermenler bilen tejribe alşyldy.
Halkara bilim giňişliginde tejribe alyşmak we mugallymlaryň hünär derejesini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Beýik Britaniýanyň dünýä belli “Coursera” kompaniýasynyň guraýan onlaýn webinarlaryna yzygiderli gatnaşylýar. Şeýle hem Times Higher Education topary tarapyndan geçirilen “THE's Interdisciplinary Science Rankings 2026 Masterclass Series” atly onlaýn kämilleşdiriş okuwlaryna hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga degişli halkara maslahatlara işjeň wekilçilik edildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «C5+Opening Networks in English» (C5+ONE) maksatnamasynyň çäklerinde iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça guralan webinarlar hem talyplaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän DARYA SCAFFOLD maksatnamasynyň halkara webinarlary, şol sanda inklýuziw okuw gurşawyny döretmek, baha bermek usullary we sanly nyşanlary almak baradaky okuwlar uniwersitetiň innowasion ugruny görkezýär. ÝUNESKO (UNESCO-ICHEI) we ÝB “Horizon Europe” ýaly iri halkara maksatnamalaryň çäklerinde emeli aňy okuwda ulanmak we ylmy innowasiýalary durnukly ösdürmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly tejribe alşylýar. Ekologiýa taýdan durnuklylygy gazanmak ugrunda bolsa Aziýa ösüş bankynyň CAREC maksatnamasynyň “Green Skills” (Ýaşyl başarnyklar) taslamasynyň onlaýn maslahatlaryna gatnaşylyp, akademiki okuw maksatnamalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar.
Sebitleýin we goňşy döwletleriň bilim ojaklary we halkara guramalary bilen göni gatnaşyklar hem ýokary derejede saklanylyp, ylmy barlaglaryň gerimi has-da giňeldilýär. Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahatyň çäklerinde, hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bolan Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň “Daşkent irrigasiýa we oba hojalygyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty” milli barlag uniwersitetiniň alymlary uniwersitetiň talyplary we mugallymlary bilen ýörite okuw-usuly maslahatlaryny hem-de “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri geçirdiler. Şunuň bilen birlikde, BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýurdumyza iş sapary bilen gelen bilermenleri tarapyndan oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmegiň innowasion tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmaklyga ýardam bermek taslamasynyň çäklerinde amaly okuw guraldy. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan hem howanyň täsirini nazara almak bilen suw serişdelerini dolandyrmak boýunça täze okuw gollanmalary we kitaplary ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite onlaýn duşuşyklar geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti hem-de Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen guralýan sanly okuwlar uniwersitetiň ylmy kuwwatyny has-da dabaralandyrýar. Astrahan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde pomidor ösümliginiň kesellere duýgurlygynyň biologiki mehanizmleri, lýupin seleksiýasynyň geljegi, oba hojalyk bioserişdeleriniň öndürilişi, Hazar bekresiniň emeli köpeldilmegi, topragyň hasyllylygynyň meseleleri we azyk senagatynda HASSP ulgamynyň girizilmegi ýaly örän wajyp innowasion temalar boýunça tejribe alşyldy. Germaniýanyň «Umax Trade GmbH» kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bolsa “AXOS” we “AXION” kysymly sürüm traktorlarynyň transmissiýasy, gidrawlikasy we elektrik ulgamlary barada ylmy-önümçilik maslahatlary geçirildi.
Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasy hem-de Belarus döwlet agrar tehniki uniwersiteti bilen hem sanly ykdysadyýet we döwrebap buhgalterçilik işi boýunça uly işler bitirildi. Okuw-usuly maslahatlaryň dowamynda halkara menejmentiň häzirki zaman tehnologiýalary, aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýet, halkara maliýe hasabat standartlaryna geçiş şertleri, sanly ykdysadyýetiň çäginde agrosenagat toplumynyň önümçilik we paýlaýyş ulgamynyň üýtgemegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň salgyt we maliýe netijelerini kemala getirmegiň aýratynlyklary giňişleýin öwrenildi. Mundan başga-da, dünýä ykdysadyýeti, globallaşma, durnukly azyk meselesini çözmegiň innowasion ugurlary, ekologik syýasat, elektrik energiýasynyň hili we awtotraktor dwigatelleriniň bölekleriniň ýagdaýyny toplumlaýyn anyklamaklygyň (diagnostika) usullary barada iň täze maglumatlar özleşdirildi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan sanly platformalar we halkara hyzmatdaşlyk arkaly amala aşyrylýan bu uly innowasion ädimler, ýurdumyzyň oba hojalyk ylmyny we bilimini dünýä derejesinde ösdürmäge goşant goşýar.
Görogly Iljanow,
tehniki ylymlaryň kandidaty, dosent
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti