
Täzelikler
148

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 3-nji iýulda sanly ulgam arkaly guralan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň şypahana-sagaldyş ulgamyny ösdürmek meselelerine seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow ilatyň şypahanalarda dynç almagyny we saglygyny berkitmegini ýokary derejede guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Wise-premýeriň nygtamagyna görä, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde gurlan şypahanalarda ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerinden bejeriş maksatlary üçin netijeli peýdalanylyp, döwrebap tejribeler işe ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen bu sagaldyş merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýady BSGG-nyň dünýä ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň bilen bir wagtda, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ähli welaýatlarda täze lukmançylyk edaralary gurlup ulanmaga berilýär hem-de hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly innowasion enjamlar bilen üpjün edilen şypahanalar dermanlyk häsiýetli bejeriş usullaryny utgaşdyryp, diňe bir ýerli ilata däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlara hem ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwrebap şypahanalarynda halkymyzyň dynç almagy we dertlerine şypa tapmagy üçin iň gowy şertleriň döredilýändigini belledi. Ýurdumyzda adam saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýatladyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere şypahana hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.