
Täzelikler
116

Türkmenistanyň Dökma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 2026–2027-nji okuw ýylynda tölegli esasda bilim almak isleýän ýaşlary okuwa çagyrýar. Döwrebap hünärleriň eýesi bolup, geljegine ynamly ädim ätmek isleýän dalaşgärler üçin okuw resminamalaryny kabul etmek we giriş synaglaryna taýýarlyk görmek işleri başlandy. Okuw mekdebi zähmet bazarynda iň isleg bildirilýän ugurlar boýunça ýokary hilli bilim bermegi maksat edinýär.
Täze okuw ýylynda okuw möhleti 2 ýyl bolup, bilimler buhgalterçilik hasaba alnyşy, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, marketing, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, tikin hem-de dokma önümçiliginiň tehnologiýasy, dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy, dizaýn we degişli abzallara tehniki hyzmat etmek hünärleri boýunça okatmak göz öňünde tutulýar.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda guralýan kabul edişlige umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan we ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Ähli zerur bolan resminamalaryň takyk sanawy okuw mekdebiniň resmi mtohom.edu.tm internet sahypasynda ýerleşdirildi.
Täze maksatlara ýetmek we uly üstünlikleri gazanmak isleýän dalaşgärler resminamalaryny tabşyrmak we goşmaça maglumat almak üçiň Aşgabat şäheriniň Hydyr Derýaýew köçesiniň 4-nji jaýynda ýerleşýän mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine ýüz tutup bilerler. Degişli maglumatlar we soraglar üçin 36-49-20 hem-de 36-04-16 telefon belgileri elýeterlidir.