
Täzelikler
19

Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyplaryň dünýä derejesindäki bilim ojaklarynda tejribe toplamaklaryna giň mümkinçilikleri açýar. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda amala aşyrylýan maksatnamalary görkezmek bolar.
Şu şertnama laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň taryhy we medeni merkezi bolan Florensiýa şäherindäki şahamçasynda tomusky tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Bu sapaklar talyplara diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga däl, eýsem halkara gurşawda öz ugurlary boýunça amaly ukyplaryny kämilleşdirmäge hem uly ýol açýar.
Florensiýa şäheri özüniň baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen dünýäniň iň esasy bilim we medeni merkezleriniň biri hasaplanýar. Şeýle ajaýyp gurşawda guralan tomusky okuwlar talyplara dünýäniň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge we şahsy dünýägaraşlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde talyplar öz hünärlerine degişli döwrebap çemeleşmeleri öwrenip, halkara derejeli professor-mugallymlaryň leksiýalaryna gatnaşýarlar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýadaky bu tomusky tejribe-okuw sapaklary, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk, ýurdumyz üçin halkara derejede bäsleşige ukyply, giň gözýetimli we öz işiniň ussasy bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Bularyň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijesidir.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti