
Täzelikler
31

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (TDU) halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça işjeň ädimleri ädýär. Uniwersitetde gysga wagtyň içinde dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar geçirildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habarlar berildi.
Munuň şeýledigine uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Häzirki zaman dilleri milli uniwersitetiniň halkara bölüminiň wekilleri bilen geçirilen wideoaragatnaşyk duşuşygy hem şaýatlyk edýär. Duşuşykda taraplaryň arasynda ozal gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brug bilen duşuşyk geçirdi. Bu gepleşikleriň esasy maksady ylmy-bilim gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak, häzirki zaman tejribelerini paýlaşmak hem-de geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekden ybarat boldy.
Taraplar uniwersitetleriň arasynda göni gatnaşyklary berkitmegiň we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Esasanam, ynsanperwer ylymlary, halkara gatnaşyklary, diplomatiýa we dünýä ykdysadyýeti ýaly ugurlarda Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmaga, şeýle-de Türkmen döwlet uniwersitetinde italýan dilini, medeniýetini we taryhyny öwrenmäge bolan gyzyklanmany goldamaga aýratyn üns berildi. Ýola goýlýan bu gatnaşyklar döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da baýlaşdyrmaga we bilim diplomatiýasyny dabaralandyrmaga ýardam eder.