
Täzelikler
144

2026-njy ýylyň iýul aýynyň 10-yna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň orunbasary we sebitleýin hyzmatdaşlyk edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisiniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda duşuşyk geçirildi. Myhmanlar ilki bilen institutyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda duşuşyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan ylmy we taslama işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Soňra bolsa mejlisler otagynda iki taraplaýyn söhbetdeşlikler geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uzak ýyllaryň dowamynda Ýewropa Bileleşigi, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birnäçe halkara taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilýändigi barada bellenilip geçildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda, geljekde hem halkara taslamalary bilelikde ýerine ýetirmeklik ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, halkara taslamalary bilelikde ýerine ýetirmekde, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty