
Täzelikler
379

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, sagdyn we manyly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler Bereket etrap bilim bolumine degişli orta mekdeplerin çagalary üçin hem tomus dync alyş günleri ýatda galyjy pursatlara baý bolýar.
Bereket etrabynyn tebigi dersleri çuňlaşdyryp owredyan yoritelesdirilen orta mekdebinde çagalar üçin niýetlenip geçirilen ýörite çäre munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Çäräniň çäklerinde çagalar ilki bilen kitaphana gezelenç edip, özlerini gyzyklandyrýan täze kitaplar, ertekiler we şahyrlaryň döredijiligi bilen tanyşdylar. Kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç çagalarda uly täsir galdyrdy.
Mundan başga-da, çärä gatnaşan gyzjagazlar mährem ene-mamalarymyzyň ýanyna baryp, olaryň milli el işlerini edip oturyşlaryny synladylar. Enelerimiz gyzlara keşde çekmegiň, jorap örmegiň we asylly milli gymmatlyklarymyzyň inçe syrlaryny öwretdiler. Bu bolsa nesilleriň arasyndaky kämil arabaglanyşygy, milli däp-dessurlarymyza bolan hormaty has-da berkitdi.
Şol bir wagtyň özünde, oglanjyklar we gyzjagazlar üçin şadyýan sport ýaryşlary hem guraldy. Bäsleşikde çagalar özleriniň çalasynlygyny, eýjeligini we sagdynlygyny görkezip, biri-birinden gyzykly oýunlarda bäsleşdiler.
Şeýle manyly we şadyýan çäreleri gurap beren guramaçylara, şeýle hem çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çagalaryň hem-de ene-atalaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys!
Balkan welaýat Bereket etrap bilim müdirligi