
Täzelikler
360

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda bitirilen işleriň netijeleri seljerildi. Wise-premýer Batyr Mämmedow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Geçen alty aýyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirildi. Türkmen okuwçylary we talyplary halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal gazanmagy başardylar. Ylym ulgamynda hem netijeli barlaglar alnyp barlyp, Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat hem-de ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň döwrebap usullary ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Sport ulgamynda bolsa türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda uly üstünlikler gazanyp, jemi 415 sany medala mynasyp boldular.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny we degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi we ýaşlara üstünlik arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek we bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini belläp, olaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlanmagy talap etdi. Giriş synaglarynyň guralmagynda bolsa adalatlylygy we jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň wajypdygyna üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurtda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, täze oýlap tapyşlary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmagy we saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça wise-premýeriň öňünde anyk wezipeleri goýdy.