
Täzelikler
191

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Sona Awişewa Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» atly ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralan «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy ýaş alymy» atly halkara bäsleşikde uly üstünlik gazanyp, birinji orny eýeledi. Ýaş alym bu abraýly baýraga özüniň netijeli ylmy-barlag we innowasion işi bilen mynasyp boldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynda habar berildi.
Häzirki wagtda Sona Awişewa galyndylardan taýýarlanylan suwuklandyrylan organiki-mineral döküniniň gök ekinleriň hasyllylygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça möhüm ylmy-barlag işini alyp barýar. Onuň bu ugurdaky ylmy işlerine bagyşlanan ençeme makalalary dünýä dillerinde çap edildi we ylmy jemgyýetçilik tarapyndan ýokary baha berildi.
Ýaş alym mundan öň hem birnäçe gezek ýokary netijeleri görkezipdi. Ol 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşikde, şeýle hem «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» we «Dökün — bol hasylyň girewi» ýaly ylmy taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolmagy başarypdy.