
Täzelikler
96

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Rus dili we edebiýaty» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa Russiýanyň B.B. Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan onlaýn formatda geçirilen «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersi boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Ýakynda geçirilen bu bäsleşikde uniwersitetiň beýleki rus dili, edebiýaty we taryh hünärleriniň talyplary bolsa ýokary görkezijiler bilen baýrakly II orna mynasyp boldular. Ýaş zehinler bäsleşige rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar.
Bu halkara zehin bäsleşigi dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Hytaýyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Taýlandyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň we Afrikanyň ýokary okuw mekdeplerinden 200-den gowrak talyp ýaşlary bir ýere jemledi.
Türkmen talyplarynyň bu abraýly bäsleşige gatnaşmagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B. Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryldy. Gazanylan bu ajaýyp ýeňiş türkmen talyplarynyň halkara derejesindäki bilim taýýarlygynyň ýokarydygyny ýene bir gezek subut etdi.