
Täzelikler
198

Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynda ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew hem-de dünýäniň öňdebaryjy «ESSEC» biznes mekdebiniň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, goşmaça bilim maksatnamalary we korporatiw gatnaşyklar boýunça dekany Žýulýen Moloren bilen işjeň duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Žýulýen Moloren fransuz tarapynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim ulgamynda, esasanam ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Taraplar bilelikdäki okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmagyny guramak, dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak ýaly geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi Fransiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýetini belläp, halkara bilim hyzmatdaşlygynyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, fransuz tarapyna ýurdumyzda ykdysadyýet, menejment, telekeçilik hem-de innowasion tehnologiýalar boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlaýan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň üstünlikli açylandygy we işläp başlandygy barada giňişleýin maglumat berildi.
Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki ýurduň bilim ulgamlarynyň arasynda uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek kararyna geldiler. Şeýle hem geljekde gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny we bilelikdäki taslamalary anyklaşdyrmak maksady bilen, gepleşikleri yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.