
Täzelikler
171

Türkmenistanda zehinli çagalaryň arasyndaky «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky taýýarlyk çäreleri barada wise-premýer Batyr Mämmedow 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Ýaş nesliň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda we olaryň sungata bolan söýgüsini artdyrmakda bu bäsleşigiň ähmiýeti örän uludyr. Sungat bäsleşiginiň deslapky tapgyrlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy hem-de bagtyýar döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren çagalaryň 21-si, şeýle hem tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna talabalaýyk taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.