
Täzelikler
239

Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly, giň dünýägaraýyşly hem-de bäsdeşlige ukyply şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkara derejede mynasyp netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, olary ylmy gözleglere höweslendirmek hem-de halkara ders bäsleşiklerine yzygiderli taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýän üstünlikler bilen şöhlelenýär.
Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmegi hem-de halkara derejede üstünlik gazanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda halkara ders olimpiadalarynyň ýeňijilerini döwlet derejesinde sarpalamak, olary medallar hem-de pul sowgatlary bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli üns-alada ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar, olaryň ylma we döredijilige bolan höwesini has-da artdyrýar.
Şeýle üstünlikleriň nobatdaky subutnamasy 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynyň jemlerinde aýdyň ýüze çykdy.
Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçyny jemlän abraýly halkara bäsleşikde gatnaşyjylar himiýa boýunça nazary taýýarlyklaryny hem-de barlaghana tejribelerini ýerine ýetirmek ukyplaryny görkezdiler. Şeýle ýokary derejeli ylmy bäsleşikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikli çykyş etmegi milli bilim ulgamynyň halkara ölçeglere laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň adyndan bu olimpiada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň topary gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Ilmämmedow Pälwan kümüş medala, 12-nji synp okuwçylary Döwletow Diýar, Orunowa Aýlar hem-de Jumaýew Rüstem bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.
Netijede, türkmen okuwçylary 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara himiýa olimpiadalaryndaky üstünlikleriniň üstüni nobatdaky gezek ýetirdiler.
Gazanylan bu üstünlikler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylmy döredijilik bilen meşgullanmagy hem-de halkara bäsleşiklerinde ukyp-başarnyklaryny görkezmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň intellektual kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň halkara derejesinde öz miwesini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri eziz Watanymyzyň bilim ulgamynyň abraýyny has-da belende göterýär, ýurdumyzda kemala gelýän täze nesliň ylmy kuwwatynyň, döredijilik mümkinçiliginiň hem-de watansöýüjilik ruhunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Şeýle ýeňişler geljekde-de ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi