
Täzelikler
138

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn Asyr» Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan gepleşigiň ýazgysyny geçirdi.
Gepleşikde Strategiýanyň esasy ugurlary, onuň ýokary hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky ähmiýeti, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de, bu resminamanyň milli bilim ulgamyny täze ösüş tapgyryna çykarmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Gepleşige gatnaşan professor-mugallymlar ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän, innowasiýalara esaslanýan döwrebap bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýaşlaryň tehnologik başarnyklaryny we hünär taýýarlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada täsirli çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Mejlisi barada buýsançly belläp, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar we ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti