
Täzelikler
28

Şu ýylyň 12–22-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 20-nji Şanhaý halkara ýaşlar interaktiw dostluk lagerine (20th Shanghai International Youth Interactive Friendship Camp) Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümindäki mekdep okuwçylary üstünlikli gatnaşdylar.
Dünýäniň 17 döwletinden 107 sany mekdep okuwçysyny bir ýere jemlän bu halkara çäre ýaşlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, medeni alyşmalary giňeltmäge we halklaryň özara düşünişmegini ösdürmäge gönükdirildi.
Lageriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen “Mini-Expo” medeniýet sergisinde türkmen okuwçylary ýurdumyzyň baý milli-medeni mirasyny mynasyp derejede tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň milli diwarlygynda gadymy taryhy-medeni gymmatlyklar, milli däp-dessurlar, milli lybaslar, dünýä meşhur türkmen halylary we beýleki milli gymmatlyklar görkezildi. Bu sergi daşary ýurtly gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
On günlük lageriň dowamynda türkmen okuwçylary Şanhaý şäheriniň taryhy we döwrebap künjeklerine baryp gördüler, adaty hytaý lukmançylygynyň esaslary boýunça amaly sapaklara hem-de Suçžou şäherinde ýüpek ýelpawaçlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Halkara lager ýaşlaryň bilim, medeniýet we döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmagyna, dürli halklaryň medeniýetlerine hormat goýmak duýgusyny berkitmäge we täze dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilik döretdi.
Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň bu abraýly halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de türkmen ýaşlarynyň halkara giňişligindäki işjeň ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem bu çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň hem-de iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde türkmen okuwçylary dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere mynasyp gatnaşyp, ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşýarlar.