
Täzelikler
130

Aşgabatda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen hünär ussatlyk bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň guramaçylary bolup ýurduň Bilim ministrligi Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde çykyş etdiler. Jemleýji synaglara ähli welaýatlaryň, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň sebit saýlama tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Bäsleşigiň çäginde şepagat uýalary «Ýaş nesliň saglygy — ýurduň baýlygy» atly ugurda, aşpezler bolsa «Bereketli türkmen saçagy» ugrunda ýaryşdylar. Ähli synaglaryň jemi boýunça iň gowy aşpez diýlip Sahabat Nabijanowa (Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 15-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagy) yglan edildi, şepagat uýalarynyň arasynda bolsa Sapargül Amannepesowa (Aşgabat şäheriniň 142-nji çagalar bagy) ýeňiş gazandy. Birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän ähli ýeňijiler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.