
Täzelikler
65

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hemişelik aladalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işleri ylma esaslanyp, dünýä ölçeglerine laýyklykda alyp barmaklyga uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler bularyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Sungaty öwreniş» okuw kitaby (awtorlary: A.Baýlyýewa, A.Kadyrowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Sungaty öwreniş ylmy nazary seljermeleriň we döredijilik geriminiň (artefaktlaryň) giňligi hem-de dürli görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Ol hünärmenleriň çuňňur nazary taýýarlygyny, sungatyň taryhy we nazaryýeti boýunça bilimleri özleşdirmeklerini, takyk derse laýyklykda özbaşdak ylmy barlaglary geçirmek endiklerini artdyrmaklaryny talap edýär. «Sungaty öwreniş» okuw kitabynyň baş maksady hünärmenlerde çeperçilik eserleriniň wezipesi dogrusynda bitewi garaýşy kemala getirmekdir. Munuň esasynda: şekillendiriş sungatynyň wezipesiniň dürli taraplary bilen tanyşdyrmak; çeperçilik eserlerini öwrenmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň derwaýyslygy barada düşünje bermek; alan bilimi esasynda sungaty öwreniş seljermesini peýdalanmagy öwretmek; umumy ylmy garaýyşlardan sungatyň takyk görnüşleriniň meselelerini ýüze çykarmak ýaly wezipeleler öňde goýulýar.
Okuw kitaby girişden, «Sungatyň nazaryýeti», «Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri we žanrlary», «Şekillendiriş sungatynyň täsirli çeper serişdeleri», «Sungat we jemgyýet» atly jemi 4 sany bölümden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Her bir bölümde adalgalar meselesine, ol ýa-da beýleki bir nazary garaýyşlaryň peýdalanylyşynyň däplerine, ony köptaraplaýyn ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Netijede, okuw kitaby hünärmenleriň sungaty öwrenişiň mazmunyny we esasy tapgyrlarynyň kemala gelşini, çeper eseriň hem-de onuň düzüm bölekleriniň peýdalanylyş düzgünlerini, sungatyň ösüşiniň nazary kanunalaýyklyklaryny bilmeklerine ýardam berer.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi