
Täzelikler
269

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halkymyz täze üstünliklere ruhlanýar, döredijilikli zähmet çekýär.
Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamynda hem okuwçylaryň oňat, kämil derejede bilim almaklary, berk bedenli,giň dünýägaraýyşly, watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri, hünärlerini ele alyp, eziz diýarymyzyň has hem pajarlap ösmegi üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwletimiz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.
Milli Liderimiz akademik, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan “Saglyk” döwlet maksatnamasy Döwletimizde möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ilatymyz ýerli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan dermanlar we lukmançylyk serişdeleri bilen doly üpjün edildi. Biziň ata-babalarymyz ilkinji “tebigy dermanhana” hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler. Olar tebigatyň güýji bolan agaçlardan we otlardan bölünip çykýan peýdaly maddalardan peýdalanypdyrlar.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda bilim işgärleriniň arasynda geçirilen maslahatda ýaş neslimiziň sagdyn ösmegi,tomus paslyndajan-saglygymyzy gorap saklamak üçin kesellerden goranmak barada gyzykly we tasirli maglumatlar berildi. . Lukmanlar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndan gök-önümleriň adam bedenine peýdasy, şeýle hem olardan ýasalýan derman önümleri barada peýdaly maglumatlar okalyp berildi.
Maslahatyň dowamynda Bereket etrap inçekesel hassahanasynyň fiziator lukmany S.Şirowa,etrap hassahanasynyň lukmany A.Atakörpäýewa,TGÝMJ-niň BWB-niň “Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-se,Inçekesele we Gyzdyrma garşy göreşmek boýunça Global Gaznasynyň goldawyndan çykmagy”taslamasynyň şepagat dogany M.Garajaýew,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň agzasy etrap bilim bölüminiň hünärmeni A Gurbanowa dagylar çykyş etdiler.
Olar çykyşlarynda medisina diýmekligiň “Tebigata ýakyn durmak” diýmeklikdigini ýatdan çykarmaly däldiris diýip bellediler we hazirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş döwürlerinde aýdylan we berlen maslahatlar boýunça yzygiderli wagyz işlerini geçirmekligiň zerurlygy bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işlerine buýsanýan bilim işgärleri ajaýyp watanmyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna çagalaryň saglygy hakynda lukmanlar bilen deň derejede alada etmekde, ylym-bilim we terbiýe bermekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Pedagogik işgärler bilim işi bilen bilelikde jemgiýetçilik guramalary we saglyk işgärleri bilen geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Ýurdumyzy ösdürmekde “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun !
Balkan welaýatynyň Bereket etrap bilim bölümi