
Täzelikler
128

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Batyr Mämmedow döwlet Baştutanyna bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda 2026-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Hasabat döwründe bilim ulgamynda okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanylyp, okuwçylar we talyplar halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazandylar. Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky hem-de Awazadaky merkezlerde çagalaryň dynç alşy guramaçylykly üpjün edildi. Şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryna girişildi. Ylym ulgamynda bolsa Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi hem-de birnäçe halkara maslahatlar geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň täze usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Şypahanalarda innowasion lukmançylyk enjamlary arkaly ilatymyza we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen hyzmatlar berildi.
Bedenterbiýe we sport babatda alnyp barlan netijeli işleriň çäklerinde türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň, ylym hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de ussat türgenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.