
Täzelikler
101

Türkmenistanyň 10 okuwçysyndan ybarat topar 2–7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda geçiriljek «International World Innovative Student Exhibition» (iWISE) atly abraýly halkara döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Bäsleşik Sýurreý uniwersitetiniň binýadynda geçirilip, oňa dünýäniň dürli döwletlerinden zehinli okuwçylar ýygnanar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Halkara çäräniň maksatnamasy ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM), robototehnika, iňlis dili hem-de sungat ugurlary boýunça bilimleri, döredijilik ukyplaryny we innowasion pikirlenmegi görkezmäge gönükdirilendir. Gatnaşyjylar dürli taslamalary we başarnyklaryny halkara eminler toparynyň öňünde tanyşdyrarlar.
Türkmen toparyna Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sahetgulyýew hem-de Aşgabat şäheriniň dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň taryh mugallymy Goçmyrat Baýramow ýolbaşçylyk eder. Olar okuwçylary bäsleşige taýýarlamak we halkara meýdançada üstünlikli çykyş etmeklerini üpjün etmek boýunça ýolbaşçylyk ederler. Türkmenistanyň adyndan bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýöriteleşdirilen bilim edaralarynda okaýan ýaş innowatorlar gatnaşar. Olaryň halkara derejedäki bu çykyşy türkmen okuwçylarynyň ylmy-tehniki ugurda gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýany bolar.
Türkmen okuwçylary mundan ozal hem «iWISE» platformasynda üstünlikli çykyş edipdiler. Şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «iWISE GLOBAL FINAL 2026» halkara robototehnika olimpiadasynda gazanylan ýokary netijeler ýaşlaryň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek tassyklady.