Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Bagtyýar talyp men!

03.08.2026

59

Bagtyýar talyp men!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynda ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, döredijilik bilen meşgullanmak ugrunda ähli şertler döredilýär.

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda meniň durmuşymda iň bir şowly ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bu ýyl maňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň stanok grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň muňa begenjimiň çägi ýok.

Sungata ykbalyny baglan döredijilik adamsy, isle ol ýazyjy-şahyr, isle suratkeş bolsun, olaryň sungat eserlerinde mukaddes Watanymyzyň bedew batly ösüşleri şöhlelendirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sungata goýýan belent sarpasy Watanymyzyň gözelligini dünýä ýaýmak baradaky arzuwlaryma itergi berdi.

Men Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 9-njy orta mekdebini üstünlikli tamamladym. Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaşçylyk hünäri boýunça ilkinji sungat bilimini aldym. Okan ýyllarymda “Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň buýsanjy”, “Nowruz geldi ülkäme”, “Garaşsyz Diýara Täze ýyl geldi”, “Gülleýär – gül açýar, Bitarap Watan”, “Alabaýlaryň çeper waspy”, “Türkmeniň şamçyragy – Magtymguly Pyragy”, “Baharda Watanymyzyň waspy” atly surat çekmek bäsleşiklerinde üstünlik gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Halkara derejesinde 2023-nji ýylda geçirilen “Amyderýa – dostlugyň derýasy” atly surat bäsleşiginde III orna mynasyp boldum. 2024-nji ýylda geçirilen “Türkmenistan we türki dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen” atly bäsleşige işjeň gatnaşandygym üçin hormat haty bilen sylaglandym. 

Saýlap alan hünärimde yhlasymy gaýgyrman, okap, bilim alyp, ýurdumyzyň ösüşlerini mynasyp çeper beýan etmek boýunça ukyp-başarnygymy gaýgyrman, söýen kärimi ele aljakdygyma ynandyrýaryn.

 Goý, geçmişimize jan, geljegimize şan beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Madina Kalandarowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň stanok grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz