
Täzelikler
93

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-2027-nji okuw ýyly üçin giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp bolmak maňada miýesser etdi we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. Men 2025-nji ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los Anjeles şäherinde geçirilen Halkara derejesinde XCEL International Round boýunça atly bäsleşigine gatnaşyp, I derejeli Diplom bilen sylaglandym. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary we bilimleri düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn. Döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kämilligini gazanmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrynda zähmet çekerin.
Biz ýaşlara ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleri uly rowaçlyklara beslensin!
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Döwletgeldiýew Döwletgeldi,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby