Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «AGRONOMÇYLYKDA INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR» OKUW KITABY ÇAP EDILDI

04.08.2026

60

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «AGRONOMÇYLYKDA INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR» OKUW KITABY ÇAP EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş ugurlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip gurmak, işi guramagyň hem-de ýöretmegiň täze, has netijeli usullaryny ornaşdyrmak babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Sözüň doly manysynda, ýurdumyz täze eýýamyň Galkynyşyny başdan geçirýär.

Oba hojalygynda ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleriň täze sortlaryny döretmek we önümçilige ornaşdyrmak, tohumçylyk işlerini ylmy esasda talabalaýyk alyp barmak, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýän kärendeçileri, babadaýhanlary mineral dökünler, himiki serişdeler, mehanizmleşdirilen hyzmatlar bilen öz wagtynda ýeterlik derejede üpjün etmek, geçirilmeli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli berjaý edilmegi arkaly oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň möçberi has-da artdyrylýar.

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» okuw kitaby (awtorlary: Ç.Mämmedow, H.Işankulyýew, B.Hallyýew, B.Orazgeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi we oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň kitap gorlarynyň üstüni ýetirdi. Okuw kitabynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, önümçilige ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalar, suw we iýmit düzgüni barada ylmy-önümçilik taýdan ähmiýetli maglumatlar, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meselelere üns berilýär. Bu okuw kitabynyň bölümlerinde ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ekinler bolan bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň, şalynyň, şeýle hem ýeralmanyň, dänelik we ot-iýmlik mekgejöweniň, ýorunjanyň, aralyk ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişi, topragy gurplandyrmakdaky ähmiýeti, ulanylýan döwrebap tehnikalar, tehnologiýalar barada beýan edilýär.

Okuw kitaby Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we institutynyň talyplary üçin niýetlenip, ondan ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň degişli hünärleriniň talyplary, ylmy işgärler, hünärmenler, mülkdarlar, daýhanlar, kärendeçiler hem-de bu ugur bilen gyzyklanýan beýleki okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz