Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

TALYPLYK - ÝAŞLYGYŇ ARZYLY MENZILI

05.08.2026

156

TALYPLYK - ÝAŞLYGYŇ ARZYLY MENZILI

    Akyldarlaryň aýdan bir sözi bar: «Arzuwlaryň nirede bolsa sen hem şol ýerde bolarsyň». Edilen arzuwlaram biziň Watanymyzda bolsa oňa ýetesi zat ýok. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi. Häzirki ajaýyp döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň ösüşi durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu günki ýaşlar iň ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy ussatlyk bilen özleşdirýärler. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, sanly ulgamyň hem ösdürilmegi ýaşlary buýsanja besleýär.

    Heniz mekdep ýyllarynda okan wagtym tehniki hünär boýunça ýokary bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine goşant goşjak ýaşlaryň biri bolup ýetişmegi arzuw edýärdim. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp boldum we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli bu guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen "Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi" hormatly adyna mynasyp boldum. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary we bilimleri düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn.

    Biz ýaşlara bilim almak üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy

Merdanowa Gülşirin, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz