
Täzelikler
195

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda halkymyzyň mynasyp geljegini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeleriň çäklerinde bilim we terbiýe ulgamyny ösdürmäge, onuň hilini ýokarlandyrmaga, ýaş nesle häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bilimleri bermäge we amaly başarnyklary kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Okuwyň amaly ugra gönükdirilmegini güýçlendirmek we okuwçylaryň alan bilimlerini durmuşda hem-de hünär işinde ulanmak başarnygyny ösdürmek möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar.
«Ykdysatçylar üçin iňlis dili» («English for Economists») okuw kitaby (awtorlary: A.Sätgeldiýewa, G.Hallyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Okuw kitaby, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ykdysadyýet fakultetleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dilinde işewürlik we ykdysadyýetiň esaslary bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.
Okuw kitaby dürli ykdysady temalara bagyşlanan 13 bölümden ybarat. Her bölüm ýöriteleşdirilen söz baýlygyny öwrenmäge we berkitmäge gönükdirilen türgenleşikleri öz içine alýar. Tekstler talyplara okuw materialyna düşünişini barlamaga we täze öwrenilen sözleri amaly taýdan ulanmaga mümkinçilik berýän dürli ýumuşlar bilen utgaşdyrylýar. Mundan başga-da, neşirde tankydy pikirlenmäni we kommunikatiw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen okatmagyň häzirki zaman usullary, şol sanda ýagdaýlary modelirlemek, keşpler boýunça oýunlar we amaly ýagdaýlaryň seljermesi ulanylýar.
Talyplaryň özbaşdak işlemegine hem aýratyn üns berilýär. Bu bolsa olara özlerini gyzyklandyrýan temalary has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Okuw kitaby ykdysady bilimleri giňeltmäge we geljekki hünär işinde zerur bolan professional dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu okuw kitaby ýörite maksatlar üçin iňlis dilini (ESP — English for Specific Purposes) öwrenmekde hem-de talyplary ykdysadyýet ulgamyndaky geljekki hünär işine taýýarlamakda peýdaly okuw serişdesi bolar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi