Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmen hünärmenleri Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde halkara ylmy-barlag tejribeligini geçýärler

12.08.2026

59

Türkmen hünärmenleri Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde halkara ylmy-barlag tejribeligini geçýärler

2026-njy ýylyň 25-nji iýulyndan 16-njy awgustyna çenli Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetinde emeli aňyň senagatda ulanylmagy, metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmelerini energiýa ulgamlaryna integrirlemek boýunça halkara ylmy-barlag tejribeliginiň okuwlary geçirilýär. Tejribelik Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) tarapyndan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde guralýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy halkara ylmy-barlag tejribelige Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň wekilleri bilen gatnaşýar. Gatnaşyjylar emeli aňyň binýatlyk ýörelgelerini, maglumatlary işlemek we kadalaşdyrmak usullaryny, çykaryşlary hem-de önümçilik proseslerindäki näsazlyklary kesgitlemegi, şeýle hem neýron torlarynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Amaly sapaklarda bu tehnologiýalaryň senagat önümçiligine ornaşdyrylmagynyň usullaryna aýratyn üns berilýär.

Klaustal Tehniki uniwersitetiniň barlaghanalarynda türkmen hünärmenleri guýularyň bitewiligini gözegçilikde saklamak, çuňňur we gyýa ugrukdyrylan guýulary burawlamak ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerine gatnaşýarlar. Şeýle hem emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen fotoelektrik desgalarynyň işleýşini modelirlemek we onuň netijelerini çaklamak boýunça işler geçirilýär.

Tejribeligiň ýene bir möhüm ugry metan zyňyndylaryny ýüze çykarmak we azaltmak tehnologiýalary bilen baglydyr. Bu ugurda öwrenilýän çemeleşmeler nebit-gaz pudagynda önümçilik amallarynyň ekologiýa taýdan has netijeli guralmagyna hem-de energiýa serişdeleriniň ýitgisiniň azaldylmagyna gönükdirilendir.

Maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Germaniýadaky iri önümçilik desgalaryna baryp görmegi hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda kükürtli gazy gaýtadan işleýän senagat zawody, şeýle hem gün we ýel energiýasy ýaly täzelenýän çeşmelerden peýdalanýan elektrik stansiýalary bar. Bu saparlaryň dowamynda gatnaşyjylar önümçilikde häzirki zaman tehnologiýalarynyň we täzelenýän energiýa ulgamlarynyň ulanylyşyny ýerinde öwrenmäge mümkinçilik alarlar.

Klaustal Tehniki uniwersitetinde geçirilýän ylmy-barlag tejribeligi Türkmenistanyň hünärmenleriniň emeli aň, maşyn arkaly öwreniş, metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça amaly bilimlerini giňeltmäge şert döredýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz