
Täzelikler
29

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik we beýleki işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2025–2026-njy okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2026–2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 17–19-njy awgusty aralygynda Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary başlandy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygary bilen geçirilýän bu usuly-amaly okuwlarda Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri, terbiýeçileri we mugallymlary gün tertibindäki temalar boýunça çykyş edip, okuw maksatnamalarynyň usuly aýratynlyklary, interaktiw usullardan peýdalanyp nusgalyk sapaklaryň taslamalaryny çagalar baglarynyň işine giňişleýin ornaşdyrmak barada okuw maglumatlary bererler.
Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amal etmegiň ýollary” diýen tema laýyklykda başlanyp, ösüp gelýän körpe nesle sazlaşykly bilim we terbiýe bermekde netijeli usullary, innowasion tehnologiýalary çagalar baglarynyň işine ornaşdyrmak barada özara pikir alşylar.
Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýaş nesillerimizi milli däp-dessurlarymyzyň mysalynda terbiýelemek, şeýle-de olara irki ýaşdan başlap, dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek, çagalary mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdireris.
Ogulgerek Babaýewa,
Ahal welaýatynyň Baş Bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim-terbiýe we mekdepden
daşary edaralar bölüminiňn baş hünärmeni