
Täzelikler
28

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy ahlak, medeni, aň bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebinde taryh, jemgyýeti öwreniş, hukuk, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti dersleri boýunça awgust usuly-amaly okuwlar guraldy. Usuly-amaly okuwa Balkanabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň 36-syndan taryh mugallymlarynyň 130-sy gatnaşdy. Üç günlük usuly-amaly okuwda mugallymlar özlerine berkidilen temalar boýunça täsirli çykyş etdiler. Usuly-amaly okuwyň dowamynda tejribeli mugallymlar ýaş mugallymlara halypa maslahatlaryny berdiler. Şeýle hem, usuly-amaly okuwlarda 2026—2027-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary taryh mugallymlary üçin hem baş gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplarda beýan edilýän taryhy maglumatlary, rowaýatlary taryh mugallymlary sapaklarynda giňden peýdalanýarlar. Bu kitaplarda türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleri durmuşa geçirmekde taryh mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Halypa mugallymlar ýaş nesliň bilim bilen birlikde terbiýesini, başarnyklaryny ösdürmek baradaky tejribelerini paýlaşdylar. Bilim işgäriniň öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyryp, ýerine ýetirýän wezipesini, okadýan dersiniň okadylyş usulyýetini kämilleşdirmäge jogapkärli çemeleşmelidigi baradaky çykyşlar bolsa, okuwa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimiň ösüşi ýokary derejä eýe bolýar, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şeýle beýik özgertmelere gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagyna uly ýardam edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kämilleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir mugallymyň borjudyr.
2026—2027-nji okuw ýyly düşümli bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan ähli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,
taryh, jemgyýeti öwreniş, hukuk, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti dersleri boýunça şäher usuly-amaly okuwlaryna jogapkär.
Tel: 861-15-33-35.