
Täzelikler
245

Şu gün «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuw-usulyýetiň, hünärleri kämilleşdirmegiň, tejribeleri artdyrmagyň, täze wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm wakalary, ýagny bilim işgärleriň awgust usuly-amaly okuwlary öz işine başlady. Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bu okuwlar usuly guramaçylyk taýdan ýokary derejede badalga aldy.
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynda terbiýeçi-usulyýetçileriň usuly-amaly okuwlaryna hem işjeňlik mahsus boldy. Bölekleýin okuwlaryň birinji gününde terbiýeçi-usulyýetçiler okuw maksatnamalary boýunça okatmagyň täzeçe usullaryny, köpugurly esbaplardan peýdalanmagyň ýollaryny we pedagogik işgärlere usuly kömek bermegiň ugurlaryny öz içine alýan sergi bilen tanyşdylar.
Görkezme toplumlaryň içinde sanly bilim serişdeleri, okuw-usuly gollanmalar, pedagogik edebiýatlar, halkara çeşmeler we milli taslamalarymyz bar.
Usuly okuwyň ilkinji gününiň gün tertibine laýyklykda öňdebaryjy terbiýeçi-usulyýetçiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilen temalar boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda döwlet Maksatnamalarynyň wezipelerini ýerine ýetirmek we hünärleri kämilleşdirmek, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň eserlerini usulyýet işinde peýdalanmak barada maglumatlar paýlaşyldy.
Okuwlaryň nazary tapgyryndan soň amaly bölüm boýunça iş resminamalary ýöretmek, dürli oýunlary guramak, pedagogik diologlar guraldy we diňlenilen temalar maksadalaýyk berkidildi.
Usuly-amaly okuwlary geçirmek boýunça usuly maslahatlara laýyklykda terbiýeçilik usulyýetini kämilleşdirmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, hünärleriň kämilleşdirilmegi babatda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Bahar Agalyýewa,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim,
terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň baş hünärmeni