
Täzelikler
26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, Arkadag şäherimiziň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler we ähli şertler döredilen.
Bilim-terbiýeçilik işleriniň kämil bolmagy üçin iş tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak esasy işleriň biri bolup durýar. Arkadag şäheriniň iş meýilnamalaryny döwrebap ýerine ýetirýän çagalar bakja- baglaryndaky döredijilikli, okuw-terbiýeçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan bilim işgärleri arman-ýadaman zähmet çekýärler. Her bir işiň kämil hem döwrebap bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bilim berlişini kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri esasynda, ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuna eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş neslimize mekdebe çenli çagalar edaralarynda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek, olary milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek barada görkezmelerinden ugur alyp, Arkadag şäherimiziň bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işler öz maksadyna eýe bolýar.
Ynha bu gün bolsa 2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda, 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Arkadag şäherinde hem pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynyň guramaçylykly geçirilmegine badalga berildi we ähli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Bu günki usuly-amaly okuwlaryna mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri, daşary ýurt dilleri mugallymlary, aýdym-saz ýolbaşçylary, terbiýeçiler täzeçilligi öz içine alýan çykyşlary, döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän işjeň oýunlaryny we körpeleriň şadyýan aýdymlarydyr-tanslaryny taýýarlap gelipdirler. Okuwlar ýörite meýilnamalar esasynda çagalar bakja-baglarynyň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarynyň terbiýeçileriniň gatnaşmagynda guramaçylykly geçirilýar. Bularyň ählisi, birek-birek bilen tejribe paýlaşmak üçin örän möhüm çäräniň biri boldy.
Güljahan Ýalkapowa,
Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni