
Täzelikler
25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesine esaslanýar. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilimiň ähli basgançaklarynda ýaş nesle bilim-terbiýe berlişiniň hiliniň gowulandyrylmagyna we netijeliginiň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsy ösüşiniň möhüm döwri hasaplanylýar. Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany artyp, olar interaktiw-multimedia tehnologiýalary, okuw-usuly gollanmalar, kitaplar, okuw-görkezme esbaplar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa çagalara irki ýaşdan başlap berilýän bilim-terbiýäniň binýadynyň berk bolmagyna, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
Pedagogik işgärleriň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak boýunça ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, her ýylyň awgust aýynda welaýatymyzyň pedagogik işgärleriniň maslahatlary, usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilýär.
Bu ýyl hem usuly-amaly okuwlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyna öňdebaryjy innowasiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de sagdyn bedenli, ruhubelent, bilimli nesli kemala getirmek babatda alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, mugallymlary, terbiýeçileri okatmagyň usulýetinde gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak, bilimiň berlişiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça ýüze çykýan möhüm meselelere barada pikir alşyldy.
2026-2027-nji okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerine döwrebap bilim we terbiýe bermekde jogapkärli wezipeler durýar. Olaryň iň esasylarynyň biri hem iş ussatlygyny kämilleşdirip, netijeli usullary sapaklara we sapakdan daşary okuw çärelerine ornaşdyryp, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakdan, multimedia tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden, mekdebe taýýarlamakdan, olaryň tebigy zehinini açmakdan ybaratdyr.
Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýän, ýaşaýyş-durmuş derejämizi has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada edýän, bagtly, asuda ýaşamagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli we tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gunça Seýitniýazowa,
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni