Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Helsinki şäherinde geçirilýän halkara taslama gatnaşýar

18.08.2026

43

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Helsinki şäherinde geçirilýän halkara taslama gatnaşýar

Awgust aýynyň 17-sinden 22-sine aralygynda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guralýan «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde okuw sapary geçirilýär. Bu çäre sanly özgertmeler, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastrukturany ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmaga, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Taslama Laurea Amaly Ylymlar Uniwersitetiniň binýadynda Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

Bu saparda Türkmenistanyň adyndan 2026-njy ýylyň iýun aýynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti bilen işjeň we yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti wekilçilik edýär.

Saparyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihlyýew bilen taslamanyň ýolbaşçylarynyň arasynda baý mazmunly duşuşyklar geçirildi. Taraplar geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, özara hyzmatdaşlygyň ilkinji derejeli ugurlaryny kesgitlediler we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de akademik we ylmy mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Bilim we ylmy-barlag işleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki bilim we ylmy taslamalaryny ösdürmek, hünär tejribesini hem-de bilimiň gazananlaryny alyş-çalyş etmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar özara bähbitlere we bar bolan ylmy-bilim mümkinçiliklerini ulanmaga esaslanan durnukly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Duşuşygyň möhüm netijesi hökmünde taslamanyň bir bölegini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda durmuşa geçirmek barada ylalaşyga gelindi. Bu ylalaşyk uniwersitetiň taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar, şeýle hem bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we täze bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmak üçin şertleri döredýär.

«Digital Connectivity in Central Asia» taslamasy has giň gerimli C4CA sebitleýin taslamasynyň düzüm bölekleriniň biri bolup, öňdebaryjy sanly aragatnaşyk ulgamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy şekillendirmäge gönükdirilendir. Akademik we amaly tejribe alyşmaga, bilelikdäki ylym-bilim başlangyçlaryny ösdürmäge, sanly başarnyklary kämilleşdirmäge, şeýle hem bilim we ylmy işlerde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň döwrebap çemeleşmelerini öwrenmäge aýratyn üns berilýär.

Iş saparynyň dowamynda gatnaşyjylar Finlýandiýanyň sanly ösüşi, elektron infrastrukturasy, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary bilen sanly çözgütleri ýokary bilim ulgamyna we döwlet dolandyryşyna ornaşdyrmak babatyndaky tejribesi bilen tanyşdylar. Bu çäräniň halkara formatynyň hünär duşuşyklary, täze hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak we Mekezi Aziýa ýurtlarynyň bilim edaralary bilen Ýewropaly hyzmatdaşlaryň arasynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin goşmaça şertleri döredýändigini bellemek zerurdy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bu çärä gatnaşmagy, ýokary okuw mekdebiniň halkara hyzmatdaşlyk işiniň göwrümini mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Ol akademik we institusional hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sanly özgertmeler ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, uniwersitetiň döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatyndaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, şeýle hem bilelikdäki bilim, ylmy-barlag we innowasion taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri emele getirmäge ýardam edýär.

Mundan başga-da, uniwersitetiň bu taslama gatnaşmagy döwrebap tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak arkaly sanly başarnyklary ösdürmäge we ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryň işjeň gatnaşyjysy hökmünde ýokary okuw mekdebiniň eýeleýän ornuny berkitýär. Saparyň çäklerinde alnan tejribe ylym-bilim derejesini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, şeýle hem uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ulanylyp bilner.

Şunlukda, Finlýandiýada amala aşyrylýan okuw sapary bilim edaralarynyň we hyzmatdaş guramalaryň wekilleriniň arasynda bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bu çärä gatnaşmagy uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sanly özgermeleriň sebitleýin hem-de halkara tapgyrlaryna işjeň goşulmaga bolan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz