
Täzelikler
21

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda öňde durýan wezipeleri amal etmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 17-sinden Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly dowam edilýär.
Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegiň ýollary, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini döwrebap guramakdaky orny, sagdyn nesli kemala getirmekdäki ähmiýeti barada täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem, tejribe alyşmak döwründe bilim edaralarynda ýolbaşçylygyň, okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligiň ýola goýluşy, häzirki zaman mugallymçylyk, usulyýet täzeliklerini okuw işine ornaşdyrmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek hem-de ýaýratmak, dünýä bilim ulgamynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmak, hünär derejelerini artdyrmak, 2026-2027-nji okuw ýylynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylmaly işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.
Usuly-amaly okuwlarynyň dowamynda döredijilikli we ýokary netijeli işleýän bilim işgärleriniň iş tejribelerini, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehinlerinden dörän eserleriniň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergileri döwrebap guraldy.
Gunça Temimowa,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim,
terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň hünärmeni