
Täzelikler
237

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini kemala getirmek döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtyýar neslimiz döwletimiz tarapyndan aýratyn alada, söýgi bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýörite maksatnamalar esasynda çagalaryň beden taýdan sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň öňüsyrasynda 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 19-da gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy öz işini başlady we özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüldi. Bu halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen bäsleşikler, gyzykly çäreler guralyp, çagalar egin-eşikleriniň görkezilişi, multfilmleriň görkezilişi, çagalara hem-de ýetginjeklere niýetlenen sessiýalar, ene-atalar üçin duşuşyklar meýilleşdirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan bu ajaýyp sergi çagalar üçin niýetlenip öndürilýän iň gowy zatlary bir ýere jemledi. Bu sergi çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Çärä dürli ýurtlardaky çagalar harytlary we hyzmatlary bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşýar. KIDS EXPO öňdebaryjy dünýä we içerki öndürijileriň çagalarüçin niýetläp taýýarlanan dürli harytlaryny we hyzmatlaryny giň köpçülige hödürleýär. Sergä gelýänleroýunjaklardan we egin-eşiklerden başlap, okuw esbaplaryna çenli çagalaryň önümleriniň iň täzelerini görüp bilerler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow sergi gatnaşyjylaryna iberen gutlagynda şeýle diýdi: “Bu giň möçberli sergi we ýarmarka ýöriteleşdirilen kompaniýalara, bilim merkezlerine we halkara guramalaryna çagalar üçin öz hyzmatlaryny we önümlerini, iň soňky ösüşleri we geljegi uly ösüş meýillerini görkezmäge mümkinçilik berer”.
«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» sergisi işläp başlan ilkinji gününden, ene-atalar we çagalar üçin dürli çäreleri, hyzmatlary we çeşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berýän şatlyk, okuw we oýun meýdançasyna öwrüldi. Sergi çagalar harytlary pudagynyň köp tematiki ugurlaryny öz içine alýar.
Sergi ajaýyp tomaşalar, ýaryşlar, robotlaryň sergisi we başga-da köp gyzykly wakalar bilen myhmanlary begendirer.
Pursatdan peýdalanyp, biziň gelejegimiz bolan, ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan-saglyk, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
M.Pirliýewa
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Mekdebe çenli bilim bölüminiň
başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji