
Täzelikler
166

Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde öňdebaryjy pedagogik işgärleriň awgust maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilen bu maslahat «akylly» şäheriň bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, gazanylýan üstünlikleriň özboluşly beýanyna öwrülmek bilen täze okuw ýylynda öňde goýulýan wezipeleri kesgitlemekde netijeli meýdança öwrüldi. Şeýle hem maslahatyň çäginde geçirilen aýdym-sazly dabaradyr- sergi oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Häzirki wagtda Arkadag şäheri ähli ulgamlaryň ösüşi bilen bir hatarda bilim-terbiýeçilik işleriniň hem innowasion esaslarda guralýan mekanydyr. Şäheriň çagalar baglarynda we orta mekdeplerinde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, milli ruhda terbiýelenmegi, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde bilim bilen terbiýäniň sazlaşygy, mugallymyň hünär ussatlygy bilen täzeçil pikirlenişi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin pikir alşyldy.
Maslahatda aýratyn üns ýaş we tejribeli mugallymlaryň özara tejribe alyşmagyna, usuly birleşmeleriň işini kämilleşdirmäge, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Çünki häzirki döwrüň mugallymy diňe bir öz dersini gowy bilýän hünärmen bolmak bilen çäklenmän, täze tehnologiýalardan baş çykarýan, okuwçynyň döredijilik ukybyny ýüze çykarmaga ukyply, milli we dünýä tejribesini utgaşdyryp bilýän pedagog bolmalydyr.
Ýurdumyzda mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça milli tejribe bilen bir hatarda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy hem bu ugurdaky işleriň giň gerimlidigini görkezýär. Şeýle hem ýaş nesli watansöýüjilik, ýokary ahlak, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek, kämil şahsyýeti kemala getirmegiň möhüm şerti hökmünde halk döredijiliginiň, milli mirasyň, edebi-çeper eserleriň terbiýeçilik mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen döwrebap bilim usullaryny utgaşdyrmak maslahatyň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi.
Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory N.Suhanowyň onlaýn esasdaky çykyşy has-da täsirli boldy. Professor çykyşynyň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde taryhda uly yz galdyran atabeglik mekdepleriniň ýol-ýörelgelerini häzirki zaman bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň ähmiýeti, halallyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly iň gowy duýgularyň kemala getirilmeginde türkmençilik däplerini dowam etmegiň, ösdürmegiň wajyplygyna ünsi çekdi.
Bilim ulgamyndaky her bir özgertmäniň özeninde mugallymyň döredijilikli zähmeti bar. Şonuň üçin Arkadag şäheriniň pedagoglarynyň täze okuw ýylyna täze maksatlar, täze gözlegler we belent jogapkärçilik bilen gadam basmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine goşulýan mynasyp goşant bolar.
Güljahan Ýalkapowa
Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni