Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

22.08.2026

105

Öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2026-2027-nji okuw ýyly bosagamyzda dur.

“Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygary bilen geçirilýän öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty Ahal welaýatynda hem ýokary derejede, guramaçylykly geçirildi. Maslahata Ahal welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleri bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçi-usulyýetçileri, öz işine ussat terbiýeçiler we mugallymlar gatnaşdylar.

Maslahatda bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmekde, ýaýratmakda hem-de bilim işine ornaşdyrmakda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri jemlendi hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň dowamynda welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärlerine Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen, täze 2026-2027-nji okuw ýylyny garşy alýar. Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyz ylym-bilim ulgamynda günsaýyn ösüşlere we özgerişlere beslenýär. Döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň, bilim işgärleriniň baş maksadymyz bolup durýar.

Mähriban, döwletli diýarymyzy bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň wysal bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, ata kesbini ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-halkymyz üçin bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ahal welaýat Baş bilim müdirligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz