
Täzelikler
111

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy ahlak, medeni, aň bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 25-nji orta mekdebinde öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty 2026-njy ýylyň 23-nji awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany»diýen şygar bilen geçirildi.
Maslahatda öz kärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim işgärleriniň çykyşlary guraldy. Maslahatda çykyş eden öňdebaryjy bilim işgärleri bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň özüni kämilleşdirmegi, öz bilimini yzygider artdyrmagy, hünär derejesini we ussatlygyny ýokarlandyrmagy, täze usullary özleşdirmegi, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi we ulanmagy babatda alnyp barylýan işleri dogrusynda çykyş etdiler. Maslahatyň geçýän ýerinde döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça hem-de Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergileri döwrebap guraldy.
Maslahata ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekilleri, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlar, hormatly il ýaşululary gatnaşdylar.
Balkan welaýatynyň mekdebe çenli bilim terbiýe
we mekdepden daşary edaralary bölüminiň
hünärmeni Gunça Temimowa