Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Halkara ýaryşyň ýeňijisi

24.08.2026

116

Halkara ýaryşyň ýeňijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde köpugurly sport toplumlarynyň gurulmagy, ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalaryndan aýdyň nyşandyr.

Diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň dünýä döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalarynyň aýdyň miweleridir.

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 16-24-i aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu abraýly ýaryş Aziýanyň 10 döwletinden jemi 190 ýaş grossmeýstrlerini özünde jemläp örän çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Şöhradowa Lala ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, 1 altyn hem-de 1 kümüş medallary gazanyp türkmen baýdagymyzy al-asmana galdyrmagy başardy.

Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň ýakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz