Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE NEBITGAZ PUDAGYNYŇ YKDYSADYÝETI WE DOLANDYRYLYŞY BOÝUNÇA TÄZE MAGISTRLIK MAKSATNAMASY IŞE GIRIZILDI

23.08.2026

115

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE NEBITGAZ PUDAGYNYŇ YKDYSADYÝETI WE DOLANDYRYLYŞY BOÝUNÇA TÄZE MAGISTRLIK MAKSATNAMASY IŞE GIRIZILDI

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde häzirki zaman nebitgaz pudagynyň talaplaryna laýyk gelýän, halkara tejribä we innowasion çemeleşmelere esaslanýan täze magistrlik maksatnamasy işe girizildi. Täze maksatnama 5.37.04.33 – «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama häzirki zaman nebitgaz pudagynda ykdysady we dolandyryş çözgütlerini netijeli amala aşyrmaga ukyply, durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, durmuş jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ýörelgelerini öz işinde ulanýan ýokary hünärli magistrleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Täze magistrlik maksatnamasynyň döredilmeginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Erasmus+ maksatnamasynyň halkara taslamalaryna gatnaşmagynyň netijeleri möhüm ähmiýete eýe boldy. Hususan-da, ESGCA we GDCAU taslamalarynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan okuw-usuly çemeleşmeler we halkara tejribeler täze magistrlik maksatnamasynyň ýöriteleşmeleriniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Maksatnamanyň ilkinji ýöriteleşmesi 5.37.04.33-01 – «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (EDD strategiýalary)» bolup, onuň mazmuny Erasmus+ maksatnamasynyň ESGCA («Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak») taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan EDD (ekologik, durmuş we dolandyryş) çemeleşmelerine esaslanýar. ESG – daşky gurşaw (Environmental), durmuş (Social) we dolandyryş (Governance) ugurlarynyň bitewi ulgamyny aňladýar. Bu ýöriteleşme boýunça talyplara nebitgaz kärhanalarynyň işinde EDD ýörelgelerini ulanmak, durnukly dolandyryş strategiýalaryny taýýarlamak, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini bahalandyrmak, korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça döwrebap bilimleri bermek göz öňünde tutulýar.

Ikinji ýöriteleşme 5.37.04.33-02 – «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (Nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi)» bolup, ol Erasmus+ maksatnamasynyň GDCAU – “Green Deal for Central Asian Universities” (Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk) taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan durnukly ösüş we «ýaşyl» özgertme çemeleşmeleri bilen baglanyşyklydyr. Bu ýöriteleşme nebitgaz pudagynyň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmek, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, daşky gurşawa düşýän täsiri azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we häzirki zaman «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini pudagyň ösüşine ornaşdyrmak ýaly ugurlara gönükdirilendir.

ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ESG ýörelgelerini ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrmaga we zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Erasmus+ taslamalarynyň biridir. Taslamanyň çäklerinde täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek, ylmy-barlag we innowasiýa işlerini güýçlendirmek, şeýle hem bilim edaralary bilen iş berijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.

GDCAU taslamasy bolsa Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde European Green Deal ýörelgelerini we durnukly ösüş çemeleşmelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Taslama bilim, ylmy-barlag, innowasiýa, uniwersitetleriň dolandyrylyşy we işewürlik bilen hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda «ýaşyl» özgertmeleriň ösdürilmegine ýardam berýär. Şol halkara taslamalaryň netijeleriniň täze magistrlik maksatnamasynyň mazmunynda öz beýanyny tapmagy uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygynyň anyk bilim netijesine öwrülendigini görkezýär.

Täze maksatnama boýunça magistrlige kabul ediş işleri hem 2026-njy ýylda üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda çykaran PB-1812 belgili buýrugy esasynda 2026-njy ýylyň 13–26-njy iýuly aralygynda 5.37.04.33 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça magistrlik maksatnamasyna okuwa kabul etmek üçin dalaşgärlerden resminamalar kabul edildi. Jemi 50 talyba çenli kabul etmek meýilleşdirilip, görkezilen ugra 50 dalaşgär öz resminamalaryny tabşyrdy.

2026-njy ýylyň 2–4-nji awgusty aralygynda resminamalaryny tabşyran dalaşgärlerden degişli synaglar alyndy. Synaglaryň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň 2026-njy ýylyň 4-nji awgustyndaky №443/2 belgili buýrugy bilen 50 sany dalaşgär magistrlik maksatnamasyna okuwa kabul edildi.

Kabul edilen magistrantlary iki topara bölmek karar edildi. Birinji topar 5.37.04.33-01 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (EDD strategiýalary)» ýöriteleşmesi, ikinji topar bolsa 5.37.04.33-02 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (Nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi)» ýöriteleşmesi boýunça bilim alar.

Şeýlelikde, 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy boýunça täze magistrlik taýýarlygynyň başlanmagy ýokary hünär biliminiň mazmunyny halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm ädim boldy. Iki ýöriteleşmäniň hem Erasmus+ taslamalarynyň çäklerinde döredilen halkara bilim we tejribe bilen baglanyşdyrylmagy uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini görkezýär.

Täze maksatnama nebitgaz pudagynyň ykdysadyýetini we dolandyrylyşyny çuňňur özleşdiren, şol bir wagtyň özünde EDD, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýet we häzirki zaman dolandyryş strategiýalary boýunça bilimlere eýe bolan magistrleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz