Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

25.08.2026

48

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

Däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýram hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlag ibermegi bu çäräniň syýasy derejesiniň örän ýokarydygyny tassyklaýar.

Bu şanly baýram, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli  2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde   “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejeli inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň wajyplygy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, alymlary, ylym edaralarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkaranebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz