
Täzelikler
48

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17–27-nji awgusty aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Kent döwlet uniwersitetine resmi saparyny amala aşyrýar. Saparyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary bilimiň halkara derejesini ýokarlandyrmak we institusional ösüş boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde HYYÖU-niň wekilleri ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn diplom maksatnamalary, okuw maksatnamalarynyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynda hil üpjünçiligi, akkreditasiýa, täze akademiki maksatnamalary işläp taýýarlamak we häzirki zaman okatmagyň usullary boýunça pikir alyşýarlar.
Saparyň möhüm ugurlarynyň biri ýokary bilimiň hilini üpjün etmek we akkreditasiýa meselelerine bagyşlanýar. Amaly okuwlaryň we hünärmenler bilen geçirilen işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda HYYÖU-niň wekilleri HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary, bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, baha beriş usullary we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler. Şeýle hem HYYÖU-nde hil üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek we täze akademiki maksatnamalary taýýarlamak boýunça anyk hereketleriň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşylýar.
Saparyň dowamynda halkara talyplary kabul etmek we olara goldaw bermek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi we halkara talyplar üçin hyzmatlar boýunça tejribe alyşylýar. Wekiliýet uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy çeşmeler, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary hem-de talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler bilen tanyşýar.
Şeýle hem HYYÖU-niň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetiniň Hormat we Global bilim hem-de hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirýär. Saparyň çäklerinde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlaryna, DI Hub merkezine, Talyplar merkezine we beýleki desgalaryna aýlanyp görmek arkaly ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebiniň akademiki we talyp durmuşynyň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilýär.
Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk hem orun aldy. Medeni we jemgyýetçilik çäreleri bolsa iki ýurduň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär.
Bu sapar Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyň we ýokary bilimiň ösüşine döredilýän giň mümkinçilikleriň çäginde amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlara, ýokary okuw mekdeplerine hem-de ylmy-akademiki jemgyýetçilige dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, halkara bilim maksatnamalaryna gatnaşmak we daşary ýurtlaryň baý tejribesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şu nukdaýnazardan, HYYÖU bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle halkara gatnaşyklary öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, täze akademiki maksatnamalary ösdürmäge we talyplaryň hem-de mugallymlaryň halkara mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat edýär.
Kent döwlet uniwersitetine amala aşyrylýan bu sapar HYYÖU-niň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar. Saparyň dowamynda alnan bilimler, tejribeler we täze döredilen hünär gatnaşyklary uniwersitetiň institusional ösüşine, bilim işiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna mynasyp goşant goşar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti