
Täzelikler
61

Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine 347 sany bilim-terbiýeçilik edarasy degişli bolup, oňa 149 sany umumybilim berýän orta mekdepler, 5 sany mekdepden daşary edaralar, 193 sany çagalar baglary degişlidir. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda orta mekdepler boýunça 207 müň 810, mekdep-internatlar boýunça 972, jemi 208 müň 782, çagalar bagy boýunça 43 müň 887, jemi 252 müň 669 çaga bilim we terbiýe aldy.
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň garamagynda 52 sany ýöriteleşdirilen orta mekdep, 9 sany ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär.
Geçen okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň çäginde taslama (ylmy-döredijilik), ders bäsleşikleri, ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň etrap, şäher hem-de döwlet tapgyrlary geçirildi. Aşgabat şäheri boýunça bu bäsleşikleriň jemleýji umumydöwlet tapgyryna jemi 195 okuwçy gatnaşmaga hukuk gazandy we olaryň 64-si baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen III Halkara matematika olimpiadasynda Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň 21 sanysy ýeňiji bolup (6 sany altyn, 8 sany kümüş, 7 sany bürünç medallara eýe bolup), bäsleşige gatnaşan döwletleriň arasynda 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Halkara derejesinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 43-nji Balkan matematika olimpiadasynda okuwçylarymyz 1sany altyn, 1 sany kümüş, 3 sany bürünç medala, IV halkara matematika we informatika olimpiadasynda 2 sany altyn, 3 sany kümüş we 1 sany bürünç medala, halkara matematika olimpiadasynda 1 sany bürünç medala mynasyp bolmagy, robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşiginde 5 sany zehinli mekdep okuwçylarymyz ýaryşyň «TOP-20» toparyna girmegi başardylar.
Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleri üstünlikli tamamlan 12 müň 839 sany uçurymlara umumy orta bilim hakyndaky hem-de 12 müň 806 sany hünär taýýarlygy hakyndaky, 68 sany başlangyç bilimi hakyndaky şahadatnamalar dabaraly gowşuryldy.
Çarymyrat ANNAORAZOW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.