Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler tä­ze sep­git­le­re ba­dal­ga

27.08.2026

59

Ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler tä­ze sep­git­le­re ba­dal­ga

Ahal we­la­ýa­ty­nyň bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň pe­da­go­gik iş­gär­le­ri ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň çuň­ňur bi­lim-ter­bi­ýe al­mak­la­ry üçin tu­tan­ýer­li we yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Ge­çen 2025 — 2026-njy okuw ýy­ly­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça we­la­ýa­tyň çä­gin­de 380 sa­ny bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry, şol san­da 243 sa­ny umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep, 136 sa­ny mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry we 1 sa­ny we­la­ýat Sag­ly­gy di­kel­diş okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lu­my he­re­ket ed­ýär. Umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­ler­de 239 müň 638 (şol san­da we­la­ýat Sag­ly­gy di­kel­diş okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lu­myn­da 399) okuw­çy, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da 24 müň 985 ça­ga bi­lim we ter­bi­ýe al­dy. Okuw ýy­ly­nyň do­wa­myn­da or­ta mek­dep­ler­de je­mi 11 müň 815 mu­gal­lym, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da 1 müň 727 ter­bi­ýe­çi ýaş nes­le bi­lim we ter­bi­ýe ber­di.

Or­ta mek­dep­le­riň ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Al­tyn asy­ryň al­tyn ze­hin­le­ri» at­ly ders bäs­le­şi­gi­niň döw­let tap­gy­ryn­da we­la­ýa­ty­my­zyň ze­hin­li mek­dep okuw­çy­la­ry 34 sa­ny baý­rak­ly we 2 sa­ny hö­wes­len­di­ri­ji, tas­la­ma (dö­re­di­ji­lik) bäs­le­şi­gin­de 6 sa­ny baý­rak­ly we 2 sa­ny hö­wes­len­di­ri­ji, ta­kyk we te­bi­gy ugur­ly okuw ders­le­ri bo­ýun­ça ro­bot teh­ni­ka­sy yl­my-dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gin­de 1 sa­ny baý­rak­ly we 2 sa­ny hö­wes­len­di­ri­ji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

We­la­ýa­tyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry hal­ka­ra in­ter­net bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şyp, 1 müň 941 sa­ny baý­rak­ly 1-nji or­na my­na­syp bol­du­lar.

We­la­ýa­tyň bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da yg­lan edi­len bäs­le­şik­le­riň döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len tap­gy­ryn­da «Ýy­lyň mu­gal­ly­my — 2026» bäs­le­şi­gin­de Ka­ka et­ra­byn­da­ky 18-nji or­ta mek­de­biň fi­zi­ka mu­gal­ly­my Ma­hym An­na­mu­ham­me­do­wa baş baý­ra­ga, «Mek­dep mü­di­ri­niň iň gö­rel­de­li okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry» bäs­le­şi­gin­de Sa­rahs et­ra­byn­da­ky 13-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri­niň okuw iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Ogul­tu­wak Or­ry­ýe­wa III or­na, «Iň go­wy mek­dep» bäs­le­şi­gin­de Ak bug­daý et­ra­byn­yň ýö­ri­te­leş­di­ri­len 45-nji or­ta mek­de­bi II or­na, «Iň gö­rel­de­li mek­dep mü­di­ri» bäs­le­şi­gin­de Te­jen et­ra­by­ndaky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 33-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri Gül­nar Gar­ýag­dy­ýe­wa III or­na, «Iň gö­rel­de­li ça­ga­lar ba­gy­nyň mü­di­ri» bäs­le­şi­gin­de Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky 12-nji ça­ga­lar ba­gy­nyň mü­di­ri Gül­je­mal Ber­ke­li­ýe­wa III or­na, «Iň gö­rel­de­li aý­dym-saz mu­gal­ly­my» bäs­le­şi­gin­de Sa­rahs et­ra­byn­da­ky 11-nji ça­ga­lar ba­gy­nyň aý­dym-saz mu­gal­ly­my Döw­let­gel­di Dur­dy­ýew II or­na, «Iň go­wy mek­dep­den da­şa­ry ça­ga­lar eda­ra­sy» bäs­le­şi­gin­de Sa­rahs et­ra­byn­da­ky ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler dö­re­di­ji­lik öýi II or­na my­na­syp bol­dy.

Ba­tyr ÇAR­LY­ÝEW,

Ahal we­la­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz